Constitution of Turkmenistan

For optimal readability, we highly recommend downloading the document PDF, which you can do below.

Document Information:

  • Year:
  • Country: Turkmenistan
  • Language: Turkmen
  • Document Type: Domestic Law or Regulation
  • Topic:

This document has been provided by the International
Center for Not -for -Profit Law (ICNL).

ICNL is the leading source for information on the legal environment for civil society and
public participation. Since 1992, ICNL has served as a resource to civ il society leaders,
government officials, and the donor community in over 90 countries.

Visit ICNL’s Online Library at https://www.icnl.org/knowledge/library/index.php
for further resourc es and research from countries all over the world.

Disclaimers Content. The information provided herein is for general informational and educational purposes only. It is not intended and should not be construed to constitute legal advic e. The information contained herein may not be applicable in all situations and may not, after the date of its presentation, even reflect the most current authority. Nothing contained herein should be relied or acted upon without the benefit of legal advic e based upon the particular facts and circumstances presented, and nothing herein should be construed otherwise. Translations. Translations by ICNL of any materials into other languages are intended solely as a convenience. Translation accuracy is not guaranteed nor implied. If any questions arise related to the accuracy of a translation, please refer to the original language official vers ion of the document. Any discrepancies or differences created in the translation are not binding and have no legal eff ect for compliance or enforcement purposes. Warranty and Limitation of Liability. Although ICNL uses reasonable efforts to include accurate and up -to-date information herein, ICNL makes no warranties or representations of any kind as to its accuracy, cur rency or completeness. You agree that access to and use of this document and the content thereof is at your own risk. ICNL disclaims all warranties of any kind, express or implied. Neither ICNL nor any party involv ed in creating, producing or delivering th is document shall be liable for any damages whatsoever arising out of access to, use of or inability to use this document, or any errors or omissions in the content thereof.

Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny

Türkmenistanyň Konsti tusiýasyna
üýtgetmel er we goşmaçalar girizmek hakynda

Türkmenistan garaşsyzlyk ýoluna düşen gününden bäri geçen gysga taryhy döwürde ý er
ýüzüniň ösüp barý an ýurtlaryny ň hatarynda mynasyp orny e ýeledi. Ýurdumyz jemgy ýeti ň we
döwletiň ykdysady, sy ýasy hem sosial ugurlaryny ň ös üşinde uly üstünliklere eýe boldy, halkara
derejesinde işjeň ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, bu işde ol özüniň halkara abra ýyny we
dünýäniň sy ýasy arenasyndaky täsirini artdyrdy hem -de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan
ykrar edilen baky Bitaraplyk h ukuk ý agda ýyna e ýe boldy. Häzirki zaman syýasy we ykdysady
ösüşiniň tejribesi ýurdy ösdü rmegi ň täze, has jogapkärli sepgitlerine ý etirmek zerurlygyny ýüze
çykardy. Täze galkynyş we beýik özgertmeler döwründe geçirilýän ägirt uly syýasy, sosial –
ykdysady ref ormalar Türkmenistanyň hukuk ulgamynda, döwlet häkimiý etini ň edaralaryny ň işiniň
ähli ugurlarynda çuňň ur sy ýasy -hukuk pikirlenişi we zerur üý tgetmeleri girizmegi talap etdi, munu ň
özi bolsa Türkmenistanyň Konstitusi ýasyny ň rejelenen görnüşini işläp taýýarl amak we tassyklamak
wezipesini ilkinji nobatdaky mesele hökmünde öňe çykardy.
Türkme nistany ň Konstitusiý asyny ň milli hukuk ulgamyndaky, jemgy ýetdäki ornuny we
ähmiýetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda
demokratiý any mundan be ýläk hem ösdürmek, häkimiý et edaralaryny ň ulgamyny has -da
kämilleşdirmek m aksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň
Konstitusi ýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça Türkmenistanyň döwlet häkimiý et
edaralaryndan, je mgy ýetçilik birleşiklerinden, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda
umumylaş dyrylyp ta ýýarlanan we Türkmenistanyň Kontitusion toparynda ara alnyp
maslahatlaşylyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenen teklipleri nazara
alyp, Türkme nistanyň Konstitusi ýasyny ň 48 -nji maddasyna la ýyklykda:
1-nji madda . Türkmenistanyň Konstitusion toparyny ň Türkmenistanyň Konstitusi ýasyna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky teklibini makullamaly.
2-nji madda . Türkmenistanyň Konstitusi ýasyna üýtg etmeler we goşmaçalar girizip, ony şu
rejelenen görnüşde tassyklamaly (goşulý ar).
3-nji madda . Türkmenistanyň Halk Maslahaty şu Konstitusion kanunyň güý je giren
gününden öz işini bes edýär.
4-nji madda . Türkmenistanyň Halk Maslahatyny ň kararlary we çözgütl eri Türkmenistanyň
Konstitusi ýasyna we kanunlaryna garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.
5-nji madda . Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen namalary üýtgetmäge
we ýatyrmaga bolan hukugy degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentini ň we Tür kmenistanyň
Mejlisini ň ygty ýaryna degişli etmeli.
6-njy madda . Şulary güýjün i ýitiren hasap etmeli:
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» 2003 -nji ýyly ň 15 -nji awgust ynda kabul edilen
Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny;
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty h akynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna
üýtgetmeler we goşmaçalar giriz mek hakynda» 2005 -nji ýyly ň 25 -nji okt ýabrynda kabul edilen
Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny;
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» 2005 -nji ýyly ň 25 -nji okt ýabrynda kabul ed ilen
Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny;
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Ko nstitusion kanunyna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 2007 -nji ý yly ň 30 -njy martynda kabul edilen
Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny.
7-nji madd a. Halk wekillerini ň ygty ýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmaly.
8-nji madda . Şu Konstitusion kanun kabul edilen pursadyndan güý je gir ýär.

Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy,
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş .
2008 -nji ýy lyň 26 -njy sentýabry
№ TKK -13

TÜRKMENISTANYŇ
KONSTITUSIÝASY

Türkmenistanyň halky bolan biz,
öz ykbalymyzy kesgitlemek baradaky mizemez hukugymyza esaslanyp;
Watanymyzy ň häzirki hem geljekki ykbaly üçin jogapkärdigimizden ugur alyp;
ata -babalarymyzy ň agzybir, parahat we o ňşukly ýaşamagy ündän wes ýetlerine
ygrarlydygymyzy be ýan edip;
milli gymmatlyk larymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, Türkmenistanyň
garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik bitaraplyk hukuk ý agda ýyny pugtalandyrmagy
maksat edin ip;
her bir adamy ň we raý aty ň hukuklaryny hem azatlyklaryny kepillendirip, jemgy ýetde ra ýatlyk
asu dalygyny we milli agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiý etini ň hem -de demokratik, hukuk we
dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp, Türkmenistanyň Esasy Kanunyny – şu
Konstitusiýany kabul edýäris.

I bölüm. Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary

1-nji madda . Türkmenistan – demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti
dolandyrmak prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylý ar.
Türkmenistan öz çäginde hökmürowandyr we bütin häkimiý ete e ýedir, ol içeri we daşary
syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we çägi bitewidir hem
bölünmezdir.
Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, çäk bütewiligini, konstitus ion gurluşyny goraý ar,
kanunylygy ň berja ý edilmegini hem hukuk tertibini üpjün edýär.
Türkmenistan kanun esasynda hemişelik bitaraplyk hukuk ý agda ýyna e ýedir. Birleşen
Milletler Guramasy Baş Assambleý asyny ň 1995 -nji ýyly ň 12 -nji dekabryndaky "Türkmenistany ň
hemişelik bitaraplygy" Rezolýusiý asynda: “1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitar aplyk
hukuk ýagda ýyny ykrar ed ýär we goldaý ar; 2. Türkmenistanyň bu hukuk ýagda ýyna hormat
go ýmaga hem -de ony goldamaga, şeý le hem onu ň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyn a we çäkleriniň
bütewiligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bola n döwletleri
çagyrýar.". Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň
içeri we daşary syý asatyny ň esasy bolup dur ýar.

2-nji madda . Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny halk amala aşyrýar, halk döwlet
häkimiý etini ň ýeke -täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös -göni ýa -da
wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrý ar.
Halky ň hiç bir böleginiň, hiç bir guramanyň ýa-da a ýry-aýry adamlary ň döwletde häkimiýeti
eýelemäge haky ý okdur.

3-nji madda . Türkmenistand a jemgy ýeti ň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr.
Döwlet her bir raý atyny ň öňünde jogapkärdir we şahsyý eti ň erkin ösmegi üçin şertleriň
döredilmegini üpjün edýär, raý aty ň janyny, at -abra ýyny, mertebesini we azatlygyny, ş ahsy

eldegrilmesizligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny gora ýar.
Her bir ra ýat öz üstüne Konstitusiý any ň we kanunlary ň ýükleýän borçlaryny ý erine
ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdir.

4-nji madda . Döwlet häkimiýeti häkimiý etleri ň bölünişigi ýörelgesine esaslanyp kanun
çykaryjy, ý erine ýetiriji hem -de kazy ýet häkimiýetlerine bölünýär we biri -biri bilen sabyr -takatly
işläp, özbaşdak hereket edýärler.

5-nji madda . Döwlet, onuň ähli edaralary we wezi peli adamlary hukuk hem konstitusion
gurluş bilen baglydy r.
Türkmenistanyň Konstitusi ýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalar we
düzgünler gös -göni hereket edýär. Konstitusiý a ters gel ýän ka nunlary ň we beý leki hukuk
namalaryny ň ýuridik güý ji ýokdur.
Döwlet syryny ý a-da kanun arkaly goral ýan başga syrlary öz içine alýan kadalaşdyryjy hukuk
namalaryndan başga, döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz -özüňi dolandyryş edaralarynyň
be ýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary çap etmek arkaly hemmeleriň dykgatyna ýetiril ýär ýa -da
başga usul bilen halka mäli m edil ýär. Adamyň we ra ýaty ň hukuklaryna hem -de azatlyklaryna
degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, özleriniň kabul edilen
pursadyndan hereket etme ýärler.

6-njy madda . T ürkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly sub ýekti bolup, daşary
syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ý urtlary ň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we
harby bileleşiklere hem birleşmelere goşulmazlyk, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwlet leri
bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ý ardam bermek
ýörelgelerine eý erýär.
Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tut ýar. Eger -de
Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň kanuny ndakydan başga kadalar bellenen
bolsa, onda halka ra şertnamasynyň kadalary ulanyl ýar.

7-nji madda . Türkmenistanyň öz raýatlygy bar. Raý atlyk kanuna la ýyklykda beril ýär,
saklanylý ar we ýitiril ýär.
Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edil meýär.
Hiç kim raýatlygyndan ý a-da ra ýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez.
Türkmenistanyň raýaty özge döwlete berlip ýa -da Türkmenistanyň çäginden kowlup çykarylyp, ý a
onu ň Watanyna ga ýdyp gelmek hukugy çäklendirilip bilinmez.
Türkmenistan yň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginde -de, onuň çäginden daşarda -da döwletiň
goragy we penakärligi kepillendirilýär.

8-nji madda . Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, Türkmenistanyň
kanunçylygyna hem -de halkara şertnamalaryna laýyklykda Tür kmenistanyň raýatlarynyňky ý aly
hukuklardan we azatlyklardan pe ýdalanýarlar hem borçlary berjaý ed ýärler.
Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna la ýyklykda daşary ý urt
raýatlaryna we ra ýatlygy bolmadyk adamlara kanunda bellenilen tert ipde gaçybatalga berýär.

9-njy madda . Eýeçilik eldegrilmesizdir. Türkmenistan önümçilik serişdelerine, ý ere, be ýleki
maddy hem intellektual gymmatlyklara hususy e ýeçilik hukugyny berkarar edýär. Şonuň ý aly -da
olar ra ýatlary ň birleşiklerine we döwlete degi şli bolup biler. Diňe döwletiň eýeçilig i bolup dur ýan
ob ýektler kanun esasynda belle nilýär. Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň derejedäki goragyny
kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär.
Kanun tarapyndan gadag an edilen usul bilen edinilen eýeçilikden başga eýeçiligiň muzdsuz
alynmagyna ý ol berilme ýär.
Diň e k anunda göz öňünde tutulan halatlarda eýeçiligiň muzduny töläp, mejbury alynmagyna

ýol beril ýär.

10 -njy madda . Türkmenistanyň ykdysady ýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esasl aný ar.
Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýär.

11 -nji madda . Döwlet milli taryhy -medeni mirasyň, tebigy gurşawyň abat saklanmagy, sosial
we milli toparlary ň arasyndaky de ňligi ň üpjün edilmegi üçin j ogapkärdir. Döwlet ylmy hem çeper
döredi jiligi, onu ň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär, ylym, medeniý et, terbi ýeçilik
we bilim bermek, sport we syýahat babatda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär.

12 -nji madda . Döwlet dinleri ň we dine u ýmagy ň erkinligini, olary ň ka nun öňünde deň ligini
kepillendir ýär. Dini guramalar döwletden aý rydyr we olary ň döwlet işlerine gatyşmagyna hem -de
döwlet işlerini ý erine ýetirmegine ýol berilme ýär. Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan
aýrydyr we ol dünýewi häsiý ete e ýedir.
Her bir adam özüniň dine gara ýşyny özbaşdak kesgitleýär, onuň ýeke özi ýa -da beýleki
adamlar bilen bilelikde islän dinine uý maga ýa -da hiç bir dine uýmazlyga, şonuň ýaly -da dine
bolan gara ýyşlary bilen baglanyşykly ynam -ygtyka tlaryny beýan etmäge we ý aýratmaga, dini
adatlary, däp -dessurlary berjaý etmäge gatnaşmaga haky bardyr.

13 -nji madda . Türkmenistanyň döwlet özygtyý arlylygyny we howpsuzlygyny gorap
saklamak üçin Ýaragly Güýçleri bardyr.

14 -nji madda . Türkmen dili Türkme nistanyň döwlet dilidir. Tü rkmenistany ň ähli raýatlaryna
öz ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär.

15 -nji madda . Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary – Döwlet
baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Baý dak, Tugra, Sena kanun esasynda kabul
edil ýär we goral ýar.

16 -njy madda . Türkmenistan dolandyryş -çäk gurluşy boýunça welaý atlardan, wela ýat
hukukly şäherlerden, etraplardan, etrap hukukly şäherlerden, etrapdaky şäherlerden, şäherçelerden,
geňeşliklerden ybaratdyr.
Bir ýa -da bi rnäçe obanyň çägi geňeşligi emele getir ýär.

17 -nji madda . Türkmenistanyň pa ýtagty Aşgabat şäheridir.

II bölüm. Türkmenistanda adamyň we ra ýaty ň hukuklary, azatlyklary hem borçlary

18 -nji madda . Adamy ň hukuklary hem azatlyklary eldegrilmesizdir we olary adamy ň elinden
alyp bolmaz.
Konstitusi ýada we kanunlarda görkezilen ý agda ýlardan başga ý agda ýlarda adamy haýsydyr
bir hukugyndan we azatlygyndan mahrum etmäge ý a-da hukuklaryny we azatlyklaryny
çäklendirmäge hiç kimiň haky ýokdur.
Adamy ň belli bir hukuklar yny ň we azatlyklaryny ň Konstitusi ýada we kanunlarda sanalyp
geçilmegi onuň be ýleki hukuklaryny we azatlyklaryny inkär etmek ýa -da kemsitmek üçin ulanylyp
bilinmez.

19 -njy madda . Türkmenistan adamyň we ra ýaty ň hukuklaryny ň hem azatlyklaryny ň
de ňligini, şeý le hem ha ýsy millete d egişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk
hem wezipe ý agda ýyna, ýaşaý an ýerine, diline, dine gara ýşyna, syý asy ygtykadyna, ha ýsy parti ýa
degişlidigine ýa -da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan adamyň we ra ýaty ň kanun öňündäki
deň ligini kepillendir ýär.

20 -nji madda . Türkmenistanda erkekler bilen aý allar de ň raýatlyk hukuklaryna e ýe dirler.
De ňhukuklylygy ň jyns alamaty bo ýunça bozulmagy kanun esasynda jogapkärçilige getirýär.

21 -nji madda . Hukuklary ň we azatlykl ary ň amala aşyrylmag y be ýleki adamlary ň
hukuklaryny we azatlyklaryny, şonuň ýaly -da ahlak kadalaryny, kanunyň talaplaryny, jemgy ýetçilik
tertibini bozmaly däldir, milli howpsuzlyga zyý an ýetirmeli däldir.

22 -nji madda . Her bir adam ýaşamaga we azat ömür s ürmäg e haklydyr. Hiç bir adam
ýaşamaga bolan hukugyndan mahrum edilip bilinmez. Her bir adamyň erkin ýaşamaga bolan
hukugy döwlet tarapyndan kanun esasynda goralý ar.
Türkmenistanda ölüm jezasy ý atyrylandyr.

23 -nji madda . Kanunda takyk göz öňünde tutulanda n başga halatlarda adam hukuklary
çäklendirilip ýa -da özüne degişli hukuklaryndan mahrum edilip, oňa iş kesilip ý a-da jeza berlip
bilinmez.
Hiç kim gynamalara, rehimsizlik, zalymlyk bilen ý a-da adam mertebesini kemsid ýän derejede
el gatylmagyna ýa -da temmi bermeklige, şeý le hem onu ň razylygy bolmasa, lukmançylyk (däri –
derman we hekimçilik) synagyna ýa -da başga tejribelere sezewar edilip bilinmez Raý at di ňe
kanunda takyk görkezilen esaslar bar bolan mahalynda kazyý etiň karary bo ýunça ý a-da prokurory ň
sanksi ýasy bilen tussag edilip bilner. Ga ýra go ýmak bolmaýan hem -de kanunda takyk görkezilen
halatlarda ygtyýarly döwlet edaralary raý atlary wagtla ýyn tutup saklamaga haklydyrlar.

24 -nji madda . Her bir ra ýaty ň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaý yny almakda ýa-da edinme kde
we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletden goldaw almaga hukugy bardyr. Ýaşaýyş jaý y
eldegrilmesizdir. Ja ýda ýaşaýanlaryň razylygy ýa -da başga kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň jaýa
girmäge ý a-da onu ň eldegrilmesizligini başga bir ý ol bilen bozmaga haky ýokdur. Adamy ň we
raýaty ň öz ýaşaýyş jaý yny bikanun hy ýanatçylykdan goramaga hukugy bardyr.
Kanunda kesgitlenen esaslar bolmasa, hiç kim ýaşaýyş jaý yndan mahrum edilip bilinmez.

25 -nji madda . Her bir adamy ň öz şahsy durmuşyna eden -etdilikli gatyşylma gyndan, şonuň
ýaly -da hat -habarlaryny ň, telefon we be ýleki aragatnaşyklarynyň syryny saklamak düzgünleriniň
bozulmagyndan, öz namysyna we at -abraý yna hy ýanat edilmeginden goranmaga hukugy bardyr.

26 -njy madda . Her bir ra ýaty ň Türkmenistanyň çäginde erkin gezmäge we ýaşajak ý erini
sa ýlap almaga hukugy bardyr.
Aý ry-aýry ý erleri ň çäklerine girmegiň, şol ýerlerde gezmegiň çäklendirilmegi diň e kanun
esasynda kesgitlenip bilner.

27 -nji madda . Nika ýaşyna ý eten erkek bilen a ýal biri -biri bilen ylalaşyp, nikalaşm aga hem
maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är -aý aly ň hukuklary de ňdir.
Ata -eneler ýa-da olary ň ornuny tut ýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy,
ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýý arlamaga, kan unlara, tary hy we milli däp –
dessurlara hormat goý mak medeni ýetini olary ň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we
borçludyrlar. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar öz ata -eneleri barada alada etmäge, olara kömek
bermäge borçludyr.

28 -nji madda . Türkmenistanyň raýatlaryny ň öz yn am -ygtykatlaryna erkin eýermäge we olary
erkin beýan etmäge, şeýle hem döwlet syryndan we kanun tarapyndan goralý an be ýleki syrlardan
başga maglumatlary almaga hukuklary bardyr.

29 -njy madda . Raýatlara kanunçylykda bellenen tertipde ý ygnaklary, ýygnanyşyk lary we

ýörişleri geçirmek azatlygy kepillendirilýär.

30 -njy madda . Ra ýatlar Konstitusi ýany ň we kanunlary ň çäklerinde hereket edýän syý asy
parti ýalary we ga ýry jemgy ýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar.
Konstitusion gurluşy zorluk bilen üý tgetmeg i maksat edin ýän, özleriniň alyp bar ýan işinde
zorlugy ulanmaga ý ol ber ýän, raý atlary ň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş
edýän, urşy, teniniň reňki bo ýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we
ahlak sypatlaryna hy ýanat edýän syý asy parti ýalary ň, be ýleki jemgyýetçilik, harbylaşdyrylan
birleşikleriň, şeý le hem milli ýa-da dini alamatlar bo ýunça syý asy parti ýalary ň döredilmegi we
işlemegi gadagan edilýär.

31 -nji madda . Her bir ra ýaty ň jemgy ýeti ň we döwletiň işlerini d olandyrmaga gös -göni ý a-da
erkin sa ýlanan wekillerini ň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

32 -nji madda . Ra ýatlary ň döwlet häkimiý et edaralaryna sa ýlamaga we sa ýlanmaga hukugy
bardyr.
Türkmenistanyň raýatlaryny ň öz ukybyna we hünär taýý arlygyna la ýyklykd a döwlet
gullugynda işlemäge deň hukugy bardyr.

33 -nji madda . Ra ýatlary ň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ý erini sa ýlap
almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr.
Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberi ne hem hiline laý yk gel ýän hak
almaga hukugy bardyr. Bu hakyň möçberi döwletiň bellän iň pes o ňalga derejesinden az bolmaly
däldir.

34 -nji madda . Ra ýatlary ň dynç almaga hukugy bardyr we ol iş hepdesiniň çäklendirilen
dowamlylygynyň bellenilmeginden, her ý ylky tölegli zähmet rugsatlaryndan, her hepdede dynç
günleriniň berilmeginden ybaratdyr.
Döwlet adamlaryň dynç almagy hem -de işden boş wagtyny peýdalanmagy üçin amatly şertleri
döredýär.

35 -nji madda . Ra ýatlary ň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş
edaralarynyň hyzmatyndan mugt pe ýdalanmaga hukugy bardyr. Tölegli lukmançylyk we tebipçilik
hyzmatyny etmäge kanunda bellenilen esaslarda we tertipde ý ol beril ýär.

36 -njy madda . Her bir adamy ň amatly daşky g urşawa hukugy bardyr.
Döwlet ýa şaýyş şertlerini goramak we gowulandyrmak, şeýle hem daşky gurşawy goramak
we dikeltmek maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli pe ýdalanylyşyna gözegçilik edýär.

37 -nji madda . Ra ýatlary ň ýaşy boýunça, nä saglan, ma ýyp bolan, işe ukyplylygyny,
ekleý jisini ýitiren we işsiz bolan halatynda durmuş üpjünçiliginden peý dalanmaga hukugy bardyr.
Köp çagaly maşgalalara, ata -enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa –
da jemgyý eti ň bähbitlerini goraýarka saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçil ik
serişdelerinden goşmaça goldaw hem ý eňillikler beril ýär.

38 -nji madda . Her bir ra ýaty ň bilim almaga hukugy bardyr.
Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet mekdeplerinde tölegsiz almaga
haklydyr.
Döwlet her bir adam üçin öz ukybyna görä hün är biliminiň elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
Döwlet we döwlete dahylsyz guramalaryň , ra ýatlary ň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen
bellenilen esasda we tertipde tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.
Döwlet hemme okuw jaýlary üçin bilimiň h ökmany bolan standartlaryny belleýär.

39 -njy madda . Türkmenistanyň raýatlaryny ň öz çeper, ylmy we tehniki döredijiligini erkin
alyp barmaga hukugy bardyr. Raý atlary ň ylmy, tehniki döredijilikde, çeperçilik, edebiý at hem
medeni ýet işinde awtorlyk hukuklary we bähbitleri kanun esasynda goralý ar.
Döwlet ylmyň, medeniý eti ň, sungaty ň, halk döredijiliginiň , sportu ň we sy ýahatçylygyň
ösmegine ýardam edýä r.

40 -njy madda . Adamy ň we ra ýatyň öz hukuklaryny hem azatlyklaryny amala aşyrmagy,
onuň jemgy ýeti ň we döwleti ň öňündäki borçlaryny ý erine ýetirmegi bilen a ýrylmaz
baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň çäginde ýaşaý an ýa-da wagtla ýyn bol ýan her bir adam Türkmenistanyň
Konstitusi ýasyny, kanunlaryny berja ý etmäge we milli däp -dessurlaryny hormatlamaga borçludyr.

41 -nji m adda . Türkmenistany goramak her bir raý aty ň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň
raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir.

42 -nji madda . Her bir adam kanunda bellenen tertipde hem möçberlerde döwlet salgytlaryny
we gaýry töle gleri tölemäge borçludyr.

43 -nji madda . Ra ýatlara adamyň we ra ýaty ň at-abra ýyny ň hem mertebesini ň, Konstitusi ýada
hem -de kanunlarda göz öňünde tutulan şahsy we syý asy hukuklaryny ň hem azatlyklaryny ň kazy ýet
goragy kepillendirilýär.
Döwlet edaralarynyň , jemgy ýetçilik birleşikleriniň we wezipeli adamlary ň çözgütleri we
hereketleri barada raý atlary ň kazy ýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.

44 -nji madda . Raýatlaryň döw let edaralaryny ň, ga ýry guramalaryň , olary ň işgärleriniň, şeý le
hem a ýry-aýry adamlary ň bika nun hereketleri zerarly özlerine maddy ý a-da ahlak ta ýdan zy ýan
ýetirilen mahalynda, kazy ýet tertibinde onu ň öweziniň dolunmagyny talap etmäge hukugy bardyr.

45 -nji madda . Adam öz -özüne ýa -da ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş
bermäge mejbu r edilip bilinmez.
Psihiki ý a-da fıziki zorluk ulanmak, şe ýle hem ga ýry bikanun us ullar bilen alnan
subutnamalaryň ýuridik güý ji ýokdur.

46 -njy madda . Ra ýaty ň ý agda ýyny ýaramazlaşdyrý an kanuny ň yzyna täsir ediş güý ji ýokdur.
Amala aşyrylan pursadynda huku k bozulmasy hökmünde ykrar edilmedik hereket üçin hiç kim
jogapkärçilik çekip bilmez.

47 -nji madda . Ra ýatlary ň şu Konstitusiýada göz öňünde tutulan hukuklaryn yň hem
azatlyklaryny ň amala aşyrylmagy diňe adatdan daşary ý a-da harby ýagda ý şertlerinde
Konstit usiýada we kanunlarda bellenen tertipde hem çäklerde wagtlaý yn togtadylyp bilner.

III bölüm. Türkmenistanda häkimiýet we dolandyryş
edaralaryny ň ulgamy

I bap. Umu my düzgünler

48 -nji madda. Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini we dolandyryşy Türkmen istanyň
Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Min istrler Kabineti, Türkmenistanyň Ý okary
kazy ýeti amala aşyrý ar.

49 -njy madda . Ýerli häkimiý eti wela ýatlarda, wela ýat hukukly şäherlerde, etraplarda, etrap

hukukly şäherlerde ýerli wekilçilikli we ý erine ýetiriji edaralar amala aşyrýarlar, etrapdaky
şäherlerde, şäherçelerde, geňeşliklerde bolsa ýerli öz -özüni dolandyryş edaralary – Ge ňeşler.

II bap. Türkmenistanyň Prezidenti

50 -nji madda . Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ý erine ýetiriji häkimiý eti ň
baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, ol Türkmenistanyň döwlet
garaşsyzlygynyň we bitaraplyk hukuk ýagda ýyny ň, ý urt bitewiligini ň, Konstitusi ýany berja ý
etmegi ň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çy kyş edýär.

51 -nji madda . Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk we ýetmişden uly
bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ý yly ň do wamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan
hem -de döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde, kärhanalary nda, edaralarynda,
guramalarynda işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine sa ýlanyp
bilner.

52 -nji madda . Türkmenistanyň Prezidenti gös -göni Türkmenistanyň halky tarapyndan bäş
ýyl möhlete saý lanyl ýar we kasam kabul eden pursadyndan öz wezipesine girişýär.
Türkmenistanyň Prezidentini sa ýlamagy ň we onu ň öz wezipesine girişmeginiň tertibi kanun
arkaly kesgitlenil ýär.

53 -nji madda . Türkmenistanyň Prezidenti:
1) Konstitusiýany we kanunlary durmuşa geçi rýär;
2) daşary syý asaty ň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýär, beý leki döwletler bilen
gatnaşyklarda Türkmenistana wekilçilik edýär, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki,
döwletara we halkara guramalaryny ň ýanyndaky ilçilerini we beý leki diplomati k wekillerini
belle ýär hem yzyna çagyrýar, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekillerini ň ynanç hem yzyna
çagyrylyş hatlaryny kabul edýär;
3) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr, ol Ýaragly Güýçleriň
ählumumy ýa -da bölekleý in mobilizasi ýasyny geçirmek, Ýaragly Güýçleri ulanmak we söweşjeň
ýagda ýa getirmek hakynda bu ýruk ber ýär, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýokary
serkerdelerini belle ýär;
4) hukuk ýagda ýy kanun esasynda kesgitlen ýän Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeş ini
döredýär we oň a ýolbaşçylyk edýär;
5) ýurdy sy ýasy, ykdysady, sosial ta ýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny we esasy ugurlaryny
tassykla ýar;
6) Türk menistany ň Döwlet býujetini hem onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty Mejlisi ň
garamagyna we tassyklamag yna ber ýär;
7) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk ý agda ýynda, ga ýra go ýmak gadaganlygyny (wetosyny)
ulanyp, närazy ýerlerini görkezmek bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Mejlise täzeden ara
alyp maslahatlaşmak we sese goý mak üçin gaý tarmaga haklydyr. Eger Mejlis deputatlary ň bellenen
sanyny ň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen ozal kabul eden çözgüdini tassyklaý an
bolsa, onda T ürkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentini ň
Konstitusi ýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky kanunla r babatda ga ýra go ýmak
gadaganlygyny (wetosyny) ulanmaga hukugy ýokdur;
8) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary
döredýär, onuň düzümine üýtgetmeler girizýär;
9) sala salşyklary geçirmegi ň senesini belle ýär, Mejlisiň maslahatyny möhletinden öň
çagyrmaga haklydyr;
10) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, ra ýatlykdan çykarmak we gaçybatalga bermek
hakyndaky meseleleri çözýär;
11) Türkmenistanyň ordenleri we beýleki döwlet sylaglary bile n sylagla ýar, harby atlary,

be ýleki ýörite döwlet atlaryny we tapawutlandyryş atlaryny daký ar;
12) Mejlis bilen ylalaşyp , Ýokary kazy ýeti ň başlygyny, Baş prokurory, Içeri işler ministrini,
Adalat ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadý ar;
13) rehi m etme hem -de g ünä geçme çärelerini amala aşyrý ar;
14) ra ýatlary ň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň bütin çä ginde ýa-da a ýry-
aýry ýerlerinde adatdan daşary ý agda ý düzgünini giriz ýär. Adatdan daşary ý agda ý düzgüni
Türkmenistanyň kanuny bilen kad alaşdyrylý ar;
15) Konstitusi ýada we kanunlarda özüniň ygty ýarlyklaryna degişli edilen be ýleki meseleleri
çözýär.

54 -nji madda . Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güý ji
bolan permanlary, kararlary we bu ýruklary çykarý ar.

55 -nji madda . Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisi ň deputaty bolup bilmez.

56 -njy madda . Türkmenistanyň Prezidenti eldegrilmesizlik hukugyna e ýedir. Onu ň at-abra ýy
we mertebesi kanun bilen goralý ar.
Türkmenistanyň Prezidentini ň we onu ň maşgalasynyň üpjünçiligi, hyzmat edilişi we goragy
döwletiň hasabyna amala aşyrylý ar.

57 -nji madda . Türkmenistanyň Prezidenti n äsaglygy sebäpli öz borçlaryny ý erine ýetirip
bilmese, ol möhletinden öň wezipesinden boşadylyp bilner. Mejlis özüniň döredýän garaşsyz
lukmançylyk topar ynyň çykaran netijenamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidentini möhletinden
öň wezipesinden b oşatmak hakynda çözgüt kabul edýär. Şol çözgüt Mejlisiň bellenen sandaky
deputatlarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.
Tür kmenistanyň Prezidenti Konstitusi ýany we kanunlary bozan halatynda, Türkmenistanyň
Mejlisi Tür kmenistany ň Prezidentine ynamsyzlyk bildirip biler. Türkmenistanyň Prezidentine ynam
bildirmezlik hakyndaky meselä Mejlisiň bellenen sandaky deputatlaryny ň azynda n üçden ikisiniň
talap etmegine görä seretmek bolar. Türkmenistanyň Prezidentine ynam bildirme zlik hakyndaky
çözgüt Türkmenistanyň Mejlisini ň bellenen sandaky deputatlaryny ň dörtden üç böleginden az
bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Türkmeni stanyň Prezidentini wezipesinden
çetleşdirmek hakyndaky mesele ählihalk sala salşygyna goýulý ar.

58 -nji madda . Türkmenistanyň Prezidentini ň Konstitusi ýany ň 53 -nji maddasyny ň 2-nji, 11-
nji, 13 -nji bentlerinde göz öňünde tutulan özüniň Mejlisi ň Başlygyna be rlip bilinýän
ygtyý arlyklaryndan be ýleki ygty ýarlyklaryny başga döwlet edaralaryna ýa -da wezipeli adamlara
bermäge haky ý okdur.
Eger Türkmenistanyň Prezidenti ha ýsydyr bir sebäbe göra öz borçlaryny ý erine ýetirip
bilme ýän bolsa, onda Prezident saýlanýança Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Prezidentini ň wezipesini wagtla ýyn ýerine ýetirmek
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini ň Başlygynyň orunbasarlaryny ň birini ň üstüne ýüklenilýär.
Şu ý agda ýda Prezidenti ň sa ýlawlary o nu ň ygty ýarlyklaryny ň Türkmenistanyň Prezidentini ň
wezipesini wagtla ýyn ýerine ýetirijä geçen gününden başlap, 60 günden gijä goý ulman
geçirilmelidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtla ýyn ýerine ýetiriji Prezidentlige
dalaşgär bolup bilmez.

III bap. Türkmenistanyň Mejlisi

59 -njy madda . Türkmenistanyň M ejlisi (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala
aşyrý an i ň ýokary wekilçilikli edaradyr.

60 -njy madda . Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar sa ýlawçylarynyň sany takmynan de ň

bolan ýerli sa ýlaw okruglary bo ýunça bäş ýyl möhlete saý lanyl ýar.

61 -nji madda . Mejlis aşakdaky halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:
1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;
2) Mejlisi ň bellenen sandaky deputatlaryny ň üçden iki böleginden az bolmadyk sesl erini ň
köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz -özüni ý atyrmagy);
3) alty a ýyň dowamynda Mejlisi ň ýolbaşçy düzümi düzülmedik mahalynda, Türkmenistanyň
Prezidenti tarapyndan.

62 -nji madda . Mejlis deputatlary ň ygty ýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýär, olar yň arasyndan
Mejlisi ň Başlygyny, onuň orunbasaryny sa ýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.
Mejlisi ň öňki çagyrylyşynyň deputatlary Mejlisi ň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty
açylýança öz ygtyý arlyklaryny sakla ýarlar.

63 -nji madda . Mejlis:
1) kanunla ry kabul ed ýär, Türkmenistanyň Konstitusi ýasyna we kanunlara üýtgetmeler we
goşmaçalar girizýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär hem -de olara resmi düşündirişler
berýär;
2) Ministrler Kabinetini ň iş maksatnamasyny makullamak baradaky meselä gar aý ar;
3) Türkmenistanyň Döwlet bý ujetini we onu ň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty
tassyklamak baradaky meselelere gara ýar;
4) ý urdy sy ýasy, ykdysady, sosial ta ýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna we maksatnamalaryna
gara ýar;
5) ählihalk sala salşyklaryny g eçirmek hakyndaky meseleleri çözýär;
6) Türkmenist any ň Prezidentini ň, Mejlisi ň deputatlaryny ň, wela ýat, etrap, şäher wekilçilikli
edaralarynyň we Ge ňeşleriň agzalaryny ň sa ýlawlaryny belle ýär;
7) Türkmenistanyň Prezidentini ň teklibi bo ýunça Ý okary kazy ýetiň başlygyny, Baş
prokurory, Içeri işler ministrini, Adalat ministrini wezipä bellemek we olary wezipeden boşatmak
baradaky meselelere garaý ar;
8) döwlet sylaglaryny döredýär, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen
sylagla ýar, o ňa harby atlary we tapawutlandyryş atlaryny dak ýar;
9) döwlet hä kimi ýet we dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ň
Konstitusi ýa la ýyklygyny ýa-da la ýyk däldigini kesgitle ýär;
10) halkara şertnamalaryny tassyklaý ar we ýatyr ýar;
11) Türkmenistanyň Döwlet s erhedini we dolandyryş -çäk bölünişigini üý tgetme k meselelerini
çözýär;
12) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaý ar;
13) Konstitusi ýada we kanunlarda Mejlisi ň ygty ýarlyklaryna degişli edilen be ýleki meseleleri
çözýär.

64 -nji madda . Mejlis a ýry-aýry meseleler bo ýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanun
çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak baradaky meselä Mejlis
tarapyndan hökman garalmalydyr.
Mejlis aşakdaky meseleler boýunça kanun çykaryjylyk hukugyny hiç kime berip bilmez:
1) Konstitusi ýany üý tgetmek;
2) jena ýat we dolandyryş kanunçylygy;
3) kazy ýet önümçiligi.

65 -nji madda . Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine,
Mejlisi ň deputatlaryna, Ministrler Kabinetine, Ýokary kazy ýete degişlidir.

66 -njy madda . Mejlisi ň deputatlarynyň Ministrler Kabinetine, ministrlere, be ýleki döwlet

edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüz tutmaga, dilden hem hat üsti bilen sowal
bermäge hukugy bardyr.

67 -nji madda . Döwlet Mejlisiň her bir deputatyna onu ň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz
we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, onuň hukuklaryny ň we
azatlyklaryny ň, janyny ň, at -abra ýyny ň we mertebesini ň, şeýle hem şahsy eldegrilmesizliginiň
goraglylygyny kepillendir ýär.

68 -nji madda . Deputaty onu ň deputatlyk ygty ýarlyklaryndan di ňe Mejlis mahrum edip biler.
Şu mesele boýunça çözgüt Mejlisiň deputatlaryny ň bellenen sanyny ň üçden iki böleginden az
bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.
Mejlisi ň razylygy bolmasa, deputat jena ýat jogapkärçiligine ç ekilip, tussag edilip ýa -da başga
hili ý ol bilen azatlykdan mahrum edilip bilinmez.

69 -njy madda . Mejlisi ň deputaty şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň agzasy,
häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipelerini eýeläp bilmez.

70 -nji madda . Mejlisi ň Başly gy gizlin ses bermek bilen sa ýlan ýar. Ol Mejlise hasabat ber ýär
hem -de Mejlisiň bellenen sandaky deputatlaryny ň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň
köplügi bilen kabul eden çözgüdi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner.
Mejlisi ň Başlygynyň orunbasa ry açyk ses bermek arkaly saý lan ýar, ol Başlygyň tabşyrmagy
boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetir ýär, Mejlisiň Başlygynyň bolmadyk ýagda ýynda
ýa -da öz ygtyý arlyklaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmasa, onuň wezipesini ýerine ýetir ýär.

71 -nji madda . Mejlisi ň, onu ň komitetlerini ň we toparlaryny ň, deputatlary ň iş tertibi hem -de
olaryň wezipeleri we ygty ýarlyklary kanun bilen kesgitlenil ýär.

IV bap. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti

72 -nji madda . Ministrler Kabineti (Hök ümet) ý erine ýetiriji we serenjam beriji edaradyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini ň Başlygydyr.

73 -nji madda . Ministrler Kabinetini ň düzümine onuň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler
gir ýärler. Türkmenistanyň Prezidenti tar apyndan Ministrler Kabinetini ň düzümine ý erine ýetiriji
häkimiý eti ň merkezi edaralaryny ň ýolbaşçylary bolan beý leki adamlar hem girizilip bilner.
Mi nistrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan onu ň öz wezipesine girişen
gününden başlap bir aý yň d owamynda düzülýär we täze saý lanan Prezidenti ň öňünde öz
ygtyýarlyklaryny tabşyrý ar.

74 -nji madda . Ministrler Kabinetini ň mejlisleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýa-da
onu ň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny ň biri tarapyndan
ge çirilýär.
Ministrler Kabineti öz ygtyý arlyklaryny ň çäginde ý erine ýetirilmegi hökmany bolan kararlary
kabul edýär we buýruklary çykarý ar.

75 -nji madda . Ministrler Kabineti:
1) Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentini ň we Türk menistanyň
Mejlisini ň namalaryny ň ýerine ýetirilmegini gura ýar;
2) ra ýatlary ň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem goramak, e ýeçiligi we
jemgyýetçilik tertibini, milli howpsuzlygy goramak bo ýunça çäreleri amala aşyrý ar;
3) döwletiň içeri we daşary syý asatyny ň esasy ugurlary baradaky teklipleri, ý urdy
ykdysady we sosial ta ýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýý arla ýar hem -de olary Mejlisi ň

garamagyna ber ýär;
4) ykdysady we sosial ta ýdan ösüşiň döwlet tarapyndan dolandyrylmagyny amala aşyrýar;
döwlet kä rhanalaryny, edaralaryny we guramalaryny dolandyrmagy gura ýar; tebigy ba ýlyklary ň
rejeli pe ýdalanylmagyny hem goralmagyny üpjün edýär;
5) pul we karz ulgamyny pugtalandyrmak bo ýunça çäreleri görýär;
6) zerur bolan halatynda Ministrler Kabineti niň ý anynda komitetleri, baş müdirlikleri we
beý leki pudakla ýyn dolandyryş edaralaryny döredýär;
7) daşary ykdysady işi amala aşyrýar, daşary ýurt döwletleri bilen medeni we ga ýry
gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün edýär;
8) hökümet edaralarynyň, döwlet kär hanalarynyň we guramalaryny ň işine ýolbaşçylyk edýär;
ministrlikleriň we pudakla ýyn dolandyryş, şeý le hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiý et edaralaryny ň
hukuk namalaryny ýatyrmaga haklydyr;
9) Türkmenistanyň Konstitusi ýasynda, kanunlarynda we be ýleki kadala şdyryjy hukuk
namalarynda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen ga ýry meseleleri çözýär.

76 -njy madda . Ministrler Kabinetini ň ygty ýarlyklary, onu ň iş tertibi, beýleki döwlet
edaralary bilen gatnaşyklary kanun arkaly kesgitlenilýär.

V bap. Ýerli häkimiý et ed aralary

77 -nji madda . Ýerli häkimiýet öz ygtyý arlyklaryny ň çäginde hereket edýän wekilçilikli we
ýerine ýetiriji edaralardan ybaratdyr.

78 -nji madda . Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde, wela ýatda, wela ýat
hukukly şäherde, etrapda, etrap h ukukly şäherde agzalary degişli dolandyryş -çäk birlikleriniň
raýatlary tarapyndan dört ýyl möhlete sa ýlan ýan wekilçilikli edaralar – halk maslahatlary döredilýär.

79 -njy madda . Halk maslahatlary öz ygtyý arlyklaryna la ýyklykda çäkleriň ykdysady, sosial
we medeni ta ýdan ösüşiniň meselelerini çözmäge gatnaşý arlar.
Halk maslahatlaryny ň, olary ň agzalaryny ň wezipeleri we ygty ýarlyklary, olary ň işiniň hem -de
be ýleki häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi kanun arkaly
kesgitlenil ýär.

80 -nji madda . Ýerlerde ýerine ýetiriji häkimiý eti: wela ýatlarda – wela ýat häkimleri,
şäherlerde – şäher häkim leri, etraplarda – etrap häkimleri amala aşyrý arlar.

81 -nji madda . Häkimler Türkmenistanyň Prezidentini ň ýerlerdäki wekilleridir, olar
Türkmenis tanyň Prezid enti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylý ar hem -de o ňa
hasabat ber ýärler.

82 -nji madda . Häkimler ýerlerde dolandyryş edaralarynyň işine ýolbaşçylyk edýärler,
Türkmenistanyň Konstitusi ýasyny ň, kanunlar ynyň, Türkmenistanyň Prezide ntini ň, Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetini ň namalaryny ň, Türkmenistanyň Mejlisini ň kararlaryny ň ýerine ýetirilmegini
üpjün edýärler. Häkimler öz ygtyý arlyklaryny ň çäklerinde garamagyndaky ý erlerde ýerine
ýetirilmegi hökmany bo lan kararlary kabul edýärler .

83 -nji madda . Häkimleriň wezipeleri we ygty ýarlyklary, olaryň işiniň hem -de beýleki
häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi kanun arkaly kesgitlenil ýär.

IV bölüm. Ýerli öz -özüňi dolandyryş

84 -nji madda . Ýerli öz -özüňi dol andyryş ulgamyny Geňeşler we ý erli jemgy ýetçilik öz -özüňi

dolandyryş edaralary emele getirýärler.
Ge ňeşler etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň çäklerinde halk häkimiý etini ň
wekilçilikli edaralarydyr. Geňeş agzalary gös -göni raý atlar tarapynda n üç ýyl möhlete saý lanyl ýar.

85 -nji madda . Ge ňeş öz işlerinde özbaşdakdyr. Ol häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen
özara gatnaşyklaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrý ar.

86 -njy madda . Ge ňeşler:
1) öz çäklerini ykdysady, sosial he m medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny
kesgitle ýärler;
2) býujeti düzýärler we tassyklaý arlar, onu ň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty
taýýarlaý arlar;
3) ý erli ýygymlary we olary almagy ň tertibini belleýärler;
4) te bigy baý lyklary rejeli pe ýdalanmak we daşky gurşawy goramak bo ýunça çäreleri
kesgitleýärler;
5) kanun tarapyndan öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beý leki meseleleri çözýärler.
Ge ňeşler öz ygtyý arlyklaryny ň çäklerinde garamagyndaky ý erlerde ýerine ýetirilmegi
hökmany bolan çözgütleri kabu l edýärler.

87 -nji madda . Ge ňeş öz agzalarynyň arasyndan Ge ňeşiň işine ýolbaşçylyk edýän we oň a
hasabat ber ýän arçyny saý laýar.
Arçynlar Geňeşleriň çözgütleriniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryny ň
namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler, şeý le hem ýerli ähmiý eti bolan be ýleki meseleleri
çözýärler.

88 -nji madda . Ge ňeşleriň , be ýleki jemgy ýetçilik öz -özüňi dolandyryş edaralaryny ň iş tertibi
kanun bilen kesgitlenilýär.

V bölüm. Saýlaw ulgamy, sala salşyk

89 -njy madda . Türkmenistanyň Prezid entini ň, Mejlisi ň deputatlaryny ň, halk
maslahatlaryny ň we Ge ňeşleriň agzalaryny ň sa ýlawlary ählum umy we de ň saýlawlardyr.
Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň sa ýlamaga hukugy bardyr, her sa ýlawçynyň bir
sesi bar.
Sa ýlawlara kazy ýet tarapynda n kämillik ukyby ýok diý lip ykrar edilen ra ýatlar, azatlykdan
mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaý arlar. Be ýleki halatlarda ra ýatlary ň sa ýlaw
hukuklaryny ň çäklendirilmegine ý ol berilme ýär we kanunçylykda kesgitlenen jogapkärçilige
getirýä r.

90 -njy madda . Sa ýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soň ky on ýyly ň
dowa mynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna
sa ýlanyp bilner. Türkm enistany ň Mejlisini ň deputatlygyna, halk maslahatlaryny ň we Ge ňe şleriň
agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunlarynda kesgitlenil ýär.

91 -nji madda . Sa ýlawlar göni saý lawlardyr we sa ýlanyl ýanlar ra ýatlar tarapyndan gös -göni
saý lan ýarlar.

92 -nji madda . Sa ýlawlarda ses bermek gizlindir, s es berlende saýlawçylaryň öz erk –
islegini beýan edişine gözegçilik edilmegine ý ol berilme ýär.

93 -nji madda . Dalaşgärleri hödürlemek hukugy syý asy parti ýalara, jemgy ýetçilik
birleşiklerine we raýa tlary ň toparlaryna degişlidir hem -de Türkmenistanyň kanunçy lygyna

laýyklykda amala aşyrylý ar.

94 -nji madda . Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleri çözmek üçin
ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilip bilner.
Sa la salşygyň netijesinde kabul edilen çözgütler diňe sala salşyk arkaly ý atyrylyp ýa -da
üý tgedilip bilner.

95 -nji madda . Türkmenistanyň Mejlisini ň deputatlarynyň bellenen sanyny ň azyndan üçden
iki böleginiň teklip etmegi ýa-da sa ýlaw hukukly ra ýatlary ň azyndan iki ýüz elli münüsiniň teklip
etmegi bo ýunça ählihalk sala salşygyny geçirme k baradaky çözgüdi kabul etmek hukugy
Türkmenistanyň Mejlisine degişlidir.

96 -njy madda . Öz başlangyjy boýunça ýa -da degişli çäkde ýaşaý an sa ýlawçylaryň azyndan
dörtden bir böleginiň teklip etmegi bo ýunça ýerli sala salşyklary geçirmegi bellemek hukugy
Ge ňeşe degişlidir.

97 -nji madda . Sala salşyklar ählumumy, deň, göni we gizlin ses bermek arkaly geçirilýär.
Sala salşyklara Türkmenistanyň sa ýlaw hukugyna e ýe bolan ra ýatlary gatnaşý ar.

98 -nji madda . Sa ýlawlary, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmegiň tertibi kanun bilen
kesgitlenil ýär. Saýlawlar we sala salşyklar adatdan daşary ý agda ý döwründe geçirilmeýär.

VI bölüm. Kazyýet häkimiý eti

99 -njy madda . Türkmenistanda kazyýet häkimiý eti di ňe kazy ýetlere degişlidir.
Kazy ýet häkimiý eti ra ýatlary ň hukuklar yny we azatlyklaryny, kanun arkaly goral ýan döwlet
hem jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niý etlenendir.

100 -nji madda . Kazy ýet häkimiýeti Türkmenistanyň Ý okary kazy ýeti we kanun da göz
öňünde tutulan beý leki kazy ýetler tarapyndan amala aşyrylý ar.
Adatdan daşary kazyý etleri ň we kazy ýeti ň ygty ýarlyklary berlen ga ýry düzümleriň
döredilmegine ý ol berilme ýär.

101 -nji madda . Kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe kanuna tabyndyrlar we özleriniň içki ynam –
ygtykadyna gollaný arlar. Kazylary ň işine hiç kimiň gatyşmagyn a ý ol berilme ýär, oňa gatyşylmagy
kanunda bellenilen jogapkärçilige getirýär. Kazylaryň eldegrilmesizligi kanun bilen kepillendiril ýär.

102 -nji madda . Kazylar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenil ýär. Kazylary
bellemegiň we boşatmagyň tertibi, ygt yýarlyklaryny ň möhletleri kanun bilen kesgitlenilýär.
Ygty ýarlyklaryny ň möhleti tamamlanmazdan öň kazy wezipesinden di ňe kanunda görkezilen
esaslara görä boşadylyp bilner.

103 -nji madda . Kazylar mugallymçylyk we ylmy -barlag işlerinden özge hak tölenilýän
haýsydyr bir başga wezipäni eýeläp bilmezler.

104 -nji madda . Işlere kazyý etlerde kollegial garal ýar, kanunda göz öňünde tutulan halatlarda
bolsa kazynyň bir özi garaý ar.

105 -nji madda . Kazy ýetlerde işler açyk seljerilýär. Işiň ýapyk mejlisde seredilmegin e diňe
kanunda göz öňünde tutulan ý agda ýlarda, kazy ýet önümçiliginiň ähli düzgünlerini berjaý etmek
bilen ýol beril ýär.

106 -njy madda . Kazy ýet önümçiligi döwlet dilinde ýör edil ýär. Işe gatnaşý an we kazy ýet
önümçiliginiň dilini bilme ýän adamlara terjimeçin iň kömek etmeginde işiň materiallary bilen
tanyşmak hem -de kazyýet hereketlerine gatnaşmak, şeý le hem kazy ýet mejlisinde ene dilinde çykyş
etmek hukugy üpjün edilýär.

107 -nji madda . Adyl kazy ýetlik taraplary ň de ňligi we bäsleşigi esasynda amala aşyrylý ar.
Taraplary ň Türkmenistanyň kazy ýetlerini ň çykaran çözgütleri, hökümleri we beýleki
kararlary barada şikaýat etmäge hukugy bardyr.

108 -nji madda . Professional ýuridik k ömegi almak hukugy kazyý et önümçiliginiň islendik
tapgyrynda ykrar edi lýär.
Ra ýatlara we guramalara ýuridik kömegi adwokatlar, beý leki adamlar we guramalar
ber ýärler.

109 -njy madda . Kazy ýetleri ň ygty ýarlyklary, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen
kesgitlenil ýär.

VII bölüm. Prokuratura

110 -njy madda . Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentini ň,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini ň namalaryny ň, Türkmenistanyň Mejlisini ň kararlaryny ň
takyk we birme ňzeş berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem -de oň a tabyn
prokurorlara ýüklenilýär.
Prokuror kazy ýe tlerde işleriň garalmagyna kanunda bellenen e saslarda hem -de tertipde
gatnaşý ar.

111 -nji madda . Prokuratura operatiw -agtaryş işiniň kanunylygyna hem -de jena ýat işleriniň
der ňelişine gözegçilik edýär.

112 -nji madda . Prokuratura edaralaryny ň ýeke -täk merke zleşdirilen ulgamyna
Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär.
Prokurorlary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi, ygty ýarlyklaryny ň
möhletleri kanun bilen kesgitlenilýär.

113 -nji madda . Türkmenistanyň Baş prokurory hem oňa tabyn prokuro rlar öz
ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda diň e kanuny gollan ýarlar.

114 -nji madda . Prokuratura edaralaryny ň ygty ýarlyklary, olary döretmegiň we işiniň tertibi
kanun bilen kesgitlenil ýär.

VIII bölüm. Jemleýji düzgünler

115 -nji madda . Kanunlar, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlary ň be ýleki hukuk
namalary Konstitusi ýany ň esasynda we şoň a la ýyklykda kabul edil ýär.
Konstitusi ýada we kanunlarda görkezilýän düzgünler biri -birine gabat gelmedik halatynda
Konstitusi ýany ň düzgünleri hereket edýär.

116 -njy madda . Konstitusi ýany ň döwleti dolandyrmagyň prezident respublikasy görnüşinde
amala aşyrylýandygy hakyndaky düzgünleri üý tgedilip bilinmez.

117 -nji madda . Konstitusi ýany üý tgetmek hakyndaky Kanun, eger Türkmenistanyň
Mejlisini ň deputatlaryny ň bellen en sanynyň azyndan üçden iki bölegi ýa -da ählihalk sala salşygyna

gatnaşan Türkmenistanyň raýatlaryny ň ýarysyndan köpüsi oň a ses beren bolsa, ol kabul edilen
diýlip hasap edil ýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2008 -nji ýylyň 26 -njy sentýabry