Law On Appeals to Court against the Actions of Governmental Agencies, Public Associations, Self-Government Authorities and Officials Violating the Constitutional Rights and Freedoms of Citizens

For optimal readability, we highly recommend downloading the document PDF, which you can do below.

Document Information:

  • Year:
  • Country: Turkmenistan
  • Language: Turkmen
  • Document Type: Domestic Law or Regulation
  • Topic:

This document has been provided by the International
Center for Not -for -Profit Law (ICNL).

ICNL is the leading source for information on the legal environment for civil society and public
participation. Since 1992, ICNL has served as a resource to civ il society leaders, government officials, and the
donor community in over 90 countries.

Visit ICNL’s Online Library at https://www.icnl.org/knowledge/library/index.php
for further resourc es and research from countries all over the world.

Disclaimers Content. The information provided herein is for general informational and educational purposes only. It is not intended and should not be construed to constitute legal advic e. The information contained herein may not be applicable in all situations and may not, after the date of its presentation, even reflect the most current authority. Nothing contained herein should be relied or acted upon without the benefit of legal advic e based upon the particular facts and circumstances presented, and nothing herein should be construed otherwise. Translations. Translations by ICNL of any materials into other languages are intended solely as a convenience. Translation accuracy is not guaranteed nor implied. If any questions arise related to the accuracy of a translation, please refer to the original language official vers ion of the document. Any discrepancies or differences created in the translation are not binding and have no legal eff ect for compliance or enforcement purposes. Warranty and Limitation of Liability. Although ICNL uses reasonable efforts to include accurate and up -to-date information herein, ICNL makes no warranties or representations of any kind as to its accuracy, cur rency or completeness. You agree that access to and use of this document and the content thereof is at your own risk. ICNL disclaims all warranties of any kind, express or implied. Neither ICNL nor any party involv ed in creating, producing or delivering th is document shall be liable for any damages whatsoever arising out of access to, use of or inability to use this document, or any errors or omissions in the content thereof.

Türkmenistanyň Kanuny

Graždanlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýan
döwlet organlarynyň¸ jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli
öz -özüňi dolandyryş organlarynyň we wezipeli
adamlaryň hereketlerini suda şikaýat etmek hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1998 ý.¸ № 1¸ 2 -madda)

Şu Kanun graždanlaryň kons titusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýan döwlet
organlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz -özüňi dolandyryş organlarynyň we wezipeli
adamlarynyň hereketlerine ýa -da kararlaryna graždanlar tarapyndan suda şikaýat etmekleriniň
hukuk esaslaryny , şeýle hem görkezilen şikaýatlara sud tarapyndan garamagyň tertibini
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kesgitleýär.

1 madda . Graždanlaryň şikaýat bilen suda ýüz tutmaga bolan hukugy

Döwlet organlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz -özüňi bolandyryş organlarynyň
ýa -da wezipeli adamlaryň hereketleri ýa -da kararlary bilen konstitusion hukuklary we azatlyklary
bozulan ýa -da çäklendirilen her bir graždanin suda şikaýat bilen ýüz tutmaga haklydyr.
Daşary ýurtly graždanlar ýa -da graždanlyg y bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň
kanunçylygy ýa -da halkara şertnamalary arkaly başgaça kesgitlenmese, şu Kanun tarapyndan
bellenilen tertipde suda şikaýat bilen ýüz tutmak hukugyndan peýdalanýarlar.

2 madda. Suda şikaýat edilip bilinjek hereketler ýa -da kararlar

Döwlet organlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň¸ ýerli öz -özüňi dolandyryş organlarynyň
ýa -da wezipeli adamlaryň kollegial ýa -da özbaşyna eden hereketlerine ýa -da kararlaryna, eger şeýle
hereketleriň ýa -da kararlaryň netijesinde aşakdak ylara ýol berlen bolsa, graždanlar tarapyndan suda
şikaýat edilip bilner:
– adamyň we graždaniniň Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýa -da kanunlary arkaly
bellenilen hukuklary we azatlyklary bozulsa;
– adamyň we graždaniniň konstitusion hukuklary we a zatlyklary çäklendirilse ýa -da olaryň
amala aşyrmagy üçin päsgelçilikler döredilse;
– graždaniniň üstüne haýsydyr bir borç bikanun ýüklense.

3 madda. Şikaýaty bermegiň tertibi

Adamyň we graždaniniň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýan he reketlere ýa –
da kararlara ol ýokarda durýan organa, ýokarda durýan wezipeli adama, prokurora ýa -da gös -göni
suda şikaýat bilen ýüz tutmaga haklydyr.
Şikaýat konstitusion hukuklary ýa -da azatlyklary bozulan graždanin ýa -da onuň wekili
tarapyndan berlip biln er.
Graždaniniň islegine görä şikaýat onuň ýaşaýan ýerindäki suda ýa -da organyň ýerleşýän
ýerindäki ýa -da hereketlerine ýa -da kararlaryna şikaýat edilýän wezipeli adamyň işleýän ýerindäki
suda berilýär.

4 madda. Suda şikaýat bilen ýüz tutmagyň möhletleri

Suda şikaýat bilen ýüz tutmak üçin aşakdaky möhletler bellenilýär:

graždanine öz hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy hakynda mälim bolan günden
başlap bir ýyl;
ýokarda durýan organyň ýa -da wezipeli adamyň şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz
öwrendigi hakyndaky ýazmaça habary graždaniniň alan gününden başlap üç aý;
eger graždaniň tarapyndan şikaýat berlenden soň oňa ýazmaça jogap almasa, şikaýata
garamak üçin bellenilen möhletiň geçen gününden başlap üç aý.
Şikaýaty bermegiň esasly sebäp boýunça goýberilen möhleti sud tarapyndan dikeldilip
bilner.

5 madda. Şikaýat boýunça suduň hereketleri

Bellenilen tertipde berlen şikaýat garalmaga degişlidir. Şikaýaty kabul etmekden ýüz
öwürmek gadagandyr. Şikaýata g aramak üçin kabul eden sud:
degişli organlardan ýa -da wezipeli adamlardan zerur materiallary talap edýär;
graždaniniň ýa -da onuň wekiliniň haýyşy boýunça ýa -ça öz inisiatiwasy boýunça şikaýata
düýp manysy boýunça garalmagyna çenli şikaýat edilýän hereketiň ýa -da kararyň ýerine
ýetirilmegini togtatmak hakyndaky meseläni çözýär.

6 madda. Sud tarapyndan şikaýata garamagyň tertibi

Döwlet organlarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň,
jemgyýetçilik öz -özüňi dolandyryş orga nlarynyň ýa -da wezipeli adamlaryň hereketlerine we
kararlaryna graždaniniň şikaýatlaryna graždan sud işini ýöredişiň kadalary boýunça on gün
möhletde sudýa tarapyndan özbaşyna garalýar.

7 madda. Suduň şikaýat boýunça çözgüdi

Sud şikaýata garamagyň netij eleri boýunça çözgüt çykarýar.
Şikaýatyň esaslylygyny belläp, sud şikaýat edilýän hereketi ýa -da karary bikanun diýip
ykrar edýär¸ graždaniniň talabyny kanagatlandyrmaga, onuň bozulan konstitusion hukuklaryny we
azatlyklaryny dikeltmäge, graždaniniň öz hu kuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagyny
çäklendirýän ýa -da päsgel berýän ýagdaýlary ýok etmäge borçly edýär.
Eger sud şikaýat edilýän hereketi ýa -da karary kanuny, graždaniniň hukuklaryny we
azatlyklaryny bozmaýan we çäklendirmeýän, olaryň amala aşyryl magyna päsgelçilik döretmeýän
diýip hasap etse, ol şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz öwürýär.
Graždaniniň şikaýatyny kanagatlandyrmakdan suduň ýüz öwürmegi şikaýat edilýän
hereketiň ýa -da kararyň ýerine ýetirilmegini togtatmak hakyndaky kararyň ýatyrylmagyn a eltýär.
Graždaniniň şikaýaty boýunça suduň çözgüdine ýokarda durýan suda kanunçylykda
bellenen tertipde şikaýat edilip bilner.

8 madda. Suduň şikaýat boýunça çözgüdiniň ýerine ýetirilmegi

Suduň kanuny güýje giren çözgüdi döwlet organlarynyň, jemgyý etçilik birleşikleriniň, ýerli
öz -özüňi dolandyryş organlarynyň, wezipeli adamlaryň, graždanlaryň ählisi üçin hökmanydyr we
ýerine ýetirilmäge degişlidir.
Suduň çözgüdi hereketlerine we kararlaryna şikaýat edilen organa ýa -da wezipeli adama,
şeýle hem şika ýaty beren graždanine çözgüt kanuny güýje girenden soň on günden gijä galman
iberilýär.

9 madda. Şikaýata garamak bilen baglanyşykly sud harajatlarynyň
öwezini dolmak

Eger sud organlaryň ýa -da wezipeli adamlaryň hereketleriniň ýa -da kararlaryny ň
bikanundygyny bellese, graždaniniň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagyny
bozýar, çäklendirýär ýa -da päsgel berýär diýip bellese, şikaýata garamak bilen baglanyşykly sud
harajatlary şol organyň ýa -da wezipeli adamyň üstüne ýüklenilýär .
Eger sud ş ikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz öwürmek hakynda çözgüt çykarsa, şikaýata
garamak bilen baglanyşykly sud harajatlary graždaniniň üstüne ýüklenip bilinmez.

Türkmenistanyň Prezidenti
Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1998 -nji ýylyň 6-njy fe wraly
№ 270a – 1