The Law on Legal Status of Foreign Citizens in Turkmenistan

For optimal readability, we highly recommend downloading the document PDF, which you can do below.

Document Information:


TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň
hukuk ýagdaýy hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary , 2011 ý., № 1, 13-nj i madda)

Şu Kanun Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär, şeýle
hem olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy (ýaşamagy) we zähmet, telekeçilik ýa-da gaýry
işlerini amala aşyrmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

I bap. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary

Türkmenistanyň raýatlary bol up durmaýan hem -de öz üni ň ha ýsydyr bir da şary ý urt d öwletiniň
raýatlygyna degi şlidiginiň subutnamalary bar bolan adamlar T ürkmenistandaky daşary ý urt ra ýatlary
di ýlip ykrar edil ýär.

2- nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda
Türkmenistanyň kanun çylygy

Türkmenistandaky D aşary ýurt ra ýatlaryny ň hukuk ýagda ýy hakynda T ürkmenistanyň
kanunçylygy T ürkmenistany ň Konstitusi ýasyna esaslan ýar we şu Kanundan hem -de
T ürkmenistandaky daşary ýurt ra ýatlaryny ň hukuk ýagda ýyny düzgünleşdir ýän Türkmenistany ň
beýleki kadalaş dyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan baş ga kadalar bellenen bolsa,
onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar .

3- nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri

Eger Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki
kanunçylyk namalaryndan başga zat gelip çykmaýan bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary
Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar hem-de borçlary
ýerine ýetirýärler.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, teniniň
reňkine we haýsy millete degişliligine, jynsyna, b ilimine, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna
hem-de beýleki ýagdaýlara garamazdan, kanunyň öňünde deňdirler.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň öz hukuklaryndan we azatlyklaryndan
peýdalanmaklary jemgyýetiň hem- de döwletiň bähbitlerine, Türkmenistanyň raýatlarynyň we
beýleki adamlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirmeli däldir.

4-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmek

Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryna berlen hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy
olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen borçlary ýerine ýetirmegi bilen aýrylmaz
baglanyşyklydyr.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Konstitusi ýasyny, kanunlaryny berjaý

etmäge we milli däp-dessurlary hormatlamaga borç ludyrlar.

5-nji madda. Türkmenistanda ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary

Eger Türkmenistandaky da şary ý urt ra ýatlarynda T ürkmenistany ň kanunç ylygynda bellenilen
tertipde berlen ýaşamak üç in ygty ýarnama bar bolsa, olar T ürkmenistanda ý aşap bilerler. Ýaşamak
üçin ygtyýarnamany bermegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.
Başga bir kanuny esasda Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanda
wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary diýlip hasap edilýär. Olar öz daşary ýurt pasportlaryny ýa -da
olaryň ornuny tutýan resminamalaryny bellenilen tertipde hasaba aldyrmaga hem -de özleri üçin
bellenilen bolmak möhleti tamamlanandan soň, Türkmenistandan gitmäge borçludyrlar.

6-njy madda. Gaçybatalga bermek

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna
laýyklykda Türkmenistan daşary ýurt raýatlaryna kanunda bellenilen tertipde gaçybatalga berýär.
Gaçybatalga bermek hakyndaky mesele Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çözülýär.

II bap. TÜRKMENISTANDAKY DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNYŇ ESASY
HUKUKLARY, AZATLYKLARY WE BORÇLARY

7-nji madda. Zähmet işi

Türkmenistanda ýaşa ý an daşary ýurt ra ýatlary Türkmenistany ň raýatlary üçin z ähmet
kanunç ylygynda bellenilen esaslarda we tertipde kä rhanalarda, edaralarda we guramalarda i şçiler
ýa-da gullukç ylar hökmünde i şlä p ýa-da ba şga bir z ähmet iş i bilen me şgullanyp bilerler.
Eger Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlarynyň zähmet işi olaryň
Türkmenistanda bolmaklarynyň maksatlaryna laýyk gelýän bolsa we olaryň zähmet işiniň görnüşi
Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän bolsa, olar Türkmenistanda zähmet işi bilen
meşgullanyp bilerler.
Eger aýry-aýry wezipelere bellemek ýa -da belli bir zähmet işi bilen meşgullanmak
Türkmenistanyň kanunçylyg yna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyna degişliligi bilen
baglanyşykly bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary şol wezipelere bellenilip ýa -da şol
zähmet işi bilen meşgullanyp bilmezler.
Eger Türkmenistanyň kanunçylygyndan başga zat gelip çykmaýan bolsa Türkmenistandaky
daşary ýurt raýatlarynyň zähmet gatnaşyklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklary
bardyr we borçlary ýerine ýetirýärler.

8-nji madda. Dynç alyş

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatlary bilen umumy esaslarda
dynç almak hukugy bardyr.

9-njy madda. Saglygy goramak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saglygyny goramakda Türkmenistanyň raýatlarynyňky
ýaly hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary ýerine ýetirýärler.
Türkmenistandaky daşary ýurt r aýatlary saglygy goraýyş ulgamynyň edaralaryndan we
lukmançylyk hyzmatlaryndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esasda we tertipde

peýdalanýarlar.

10-njy madda. Durmuş üpjünçiligi

Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly
bellenilen esaslarda we tertipde durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr.

11-nji madda. Ýaşaýyş jaýyna hukuk

Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda
ýaşaýyş jaýyna hukugy bardyr.

12-nji madda. Emläk we şahsy emläk däl hukuklar

Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna
laýyklykda Türkmenistanda eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýy we başga emlägi bolup biler.
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda emlägi miras alyp hem-de
wesýet edip bilerler, olaryň ylym, edebiýat we sungat eserleri, açyşlar, oýlap tapyşlar, senagat
nusgasy babatda awtorlyk hukuklary, şeýle hem başga emläk hukuklary we şahsy emläk däl
hukuklary bolup biler.
Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýer
böleklerinden peýdalanmaga hem hukugy bardyr.

13-nji madda. Bilim almak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen
tertipde bilim almaga hukugy bardyr.
Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň
kanunçylygyna laýyklykda okuwçylaryň hem -de talyplaryň hukuklaryna eýedirler we borçlary
ýerine ýetirýärler .

14- nji madda. Medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmak

Türkm enistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda
medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmaga hukugy bardyr.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary taryhy we medeni ýadygärliklere, beýleki medeni
gymmatlyklara aýawly garamaga bo rçludyrlar.

15-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmak

Eger jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalarynda göz öňünde tutulan bolsa,
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşiklerine girmek hukugy bardyr .
Daşary ýurt raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşiklerindäki agzalygy Türkmenistanyň degişli
кanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

16-njy madda. Dine uýmagyň erkinligi

Turkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dine uýmagyň erkinligi kepillendirilýär.
Dini düşünjeler bilen baglanyşykly duşmançylygy we ýigrenç duýgusyny döretmek
gadagandyr.

17- nji madda. Nika we maşgala gatnaşyklary

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistan yň kanunçylygyna laýyklykda
Türkmenistanyň raýatlary bilen we öz aralarynda nikalaşyp we nikasyny bozup bilerler.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary nika we maşgala gatnaşyklarynda Türkmenistanyň
kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatar da hukuklardan peýdalanýarlar
we borçlary ýerine ýetirýärler .

18- nji madda. Şahsyýetiň we ýaşaýyş jaýynyň e ldegrilmesizligi

Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda olaryň
şahsyýetiniň, ýaşaýyş jaýynyň, at -abraýnyň we mertebesiniň eldegrilmesizligi kepillendirilýär.

19-njy madda. Türkmenistanyň çägi boýunça hereket etmek we ýaşaýyş ýerini saýlap
almak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde
Türkmenistanyň çägi boýunça erkin hereket edip we ýaşaýyş ýerini saýlap alyp bilerler. Milli
howpsuzlygy üpjün etmek, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň saglygyny we ahlagyny goramak,
Türkmenistanyň raýatlarynyň we beýleki adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny
bähbitlerini goramak üçin zerur bolanda Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen halatlarda
hereket etmek we ýaşaýyş ýerini saýlap almak babatda çäklendirilmelere ýol berilýär.

20-nji madda. Salgytlar we ýygymlar

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa,
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryndan Türkmenistanyň raýatlary bilen umumy esaslarda
salgytlar we ýygymlar alynýar.

21-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň hukuklaryny goramak

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň özlerine degişli şahsy, emläk we beýleki
hukuklaryny goramak üçin kazyýete we beýleki döwlet edaralaryna, şeýle hem öz ýurtlarynyň
diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutmaga hukugy bardyr.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary kazyýetde Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda
iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar.

22-nji madda. Saýlaw hukugyna degişlilik

Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saýlawly döwlet edaralaryna saýlap we saýlanyp,
şeýle hem ählihalk we ýerli sala salşyklaryna ga tnaşyp bilmezler.

23-nji madda. Harby gulluga degişlilik

Türkmenistandaky d aşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda
harby gulluk geçmek borjuny çekmeýärler.

III bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

24-nji madda. Şu Kanunyň raýatlygy bolm adyk adamlar babatyndaky täsiri
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga düzgünler bellenilmedik bolsa, şu Kanunyň
düzgünleri Türkmenistanda bolýan (ýaşaýan) raýatlygy bolmadyk adamlara hem degişlidir.

25- nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň wekilhanalary nyň baştutanlarynyň we
işgärleriniň hem-de beýleki adamlaryň artykmaçlyklary we immunitetleri

Şu Kanunyň düzgünleri daşary ýurtlaryň diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň
baştutanlarynyň hem -de işgärleriniň Türkmenistanyň kanunçylygy we halkara şertnam alary bilen
bellenilen artykmaçlyklaryna we immunitetlerine, şeýle hem şunuň ýaly artykmaç lyklary w e
immunitetleri bar bolan beýleki adamlara degişli däldir .

26-njy madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

27-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Şu Kanunyň güýje giren gününden aşakdaky kаnunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip
hasap etmeli:
1) 1993-nji ýylyň 8- nji oktýabryndaky "Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk
ýagdaýy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary , 1993 y.,
№ 9-10, 99- njy madda);
2) 1995-nji ýylyň 24 -nji noýabryndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk aktlaryna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 38-nji madda);
3) 2000-nji ýylyň 19- njy dekabryndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeler w e goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň IV bölegini
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 3 -4, 41- nji madda);
4) 2003-nji ýylyň 14 -nji iýunyndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň V bölegini
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 2, 10 -njy madda);
5) 2007-nji ýylyň 12 -nji iýunyndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 49-njy madda);
6) 2010-njy ýylyň 10 -njy maýyndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň VI bölegini
(Tü rkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34 -nji madda) .

Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.
2011- nji ýyl yň 26- njy marty .
№ 169- IV.